Dawut patyşa oňa: «Bu zatlary näme üçin getirdiň?» diýdi. Siba: «Eşekler-ä patyşanyň maşgalasyna ulag bolar, çöreklerdir ir-iýmişler ýigitlere iýmit bolar, şeraby bolsa çöldäki argyn adamlar içerler» diýip jogap berdi.
Indi haýal etmän, adam iberiň-de, Dawuda şu habary ýetiriň: „Şu gije çölde – derýanyň saý ýerinde galman, aňry tarapa geçmese, patyşanyň özi-de, ýanyndaky tutuş goşun-da heläk bolar“».