Ýas gutarandan soň, Dawut adam iberip, ol aýaly köşgüne getirtdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ondan Dawudyň bir ogly boldy. Ýöne Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi.
Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?»
Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».
Senden hoşal bolup, Hudaýyň Rebbiň patyşasy bolmagyň üçin seni Öz tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Hudaý Ysraýyly söýensoň, ony ebedilik berkarar etmek üçin, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».
Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.