Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 15:25 - Mukaddes Kitap

25 Patyşa Sadoga şeýle diýdi: «Hudaýyň sandygyny yzyna gala äkit. Eger men Rebbiň nazarynda merhemet tapan bolsam, Ol meni ýene-de yzyma gaýtaryp getirer; sandygy hem onuň durýan ýerini görmek maňa ýene miýesser eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Патыша Садога шейле дийди: «Худайың сандыгыны ызына гала әкит. Эгер мен Реббиң назарында мерхемет тапан болсам, Ол мени ене-де ызыма гайтарып гетирер; сандыгы хем онуң дурян ерини гөрмек маңа ене миессер эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 15:25
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň onuň üçin ýörite guran çadyrynyň içinde öz ýerinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.


Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi.


Eý, göklerdäki tagtda Oturan, gözlerimi Saňa bakan galdyrýaryn.


«Onuň ýüzüni agtar» diýýär ýüregim. Ýa Reb, Seniň ýüzüňi agtarýaryn men.


Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!


Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.


Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň.


Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr».


Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorapdy.


Şonuň üçin hem olara garşy bu sözleriň baryny pygamberlik et-de, şeýle diý: „Reb ýokardan nagra çeker, mukaddes mekanyndan seslener, agylyna garşy güňleç arlar. Bütin dünýäniň ilatyna garşy üzüm sykýanlar kimin gygyrar.


‘Bu Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy bu ýerde!’ diýen sözlere bil baglamaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ