Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 15:24 - Mukaddes Kitap

24 Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Абятар беленде чыкып дурды, Садок хем әхли левилер билен Худайың Әхт сандыгыны гөтерип алып барярды. Адамларың бары галадан чыкып болянча, олар Худайың сандыгыны ерде гойдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 15:24
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Sadok ruhana şeýle diýdi: «Sen öňden görüjisiň! Ogluň Ahymagasy hem-de Abýataryň ogly Ýonatany ýanyňa al-da, Abýatar bilen bile sag-salamat gala gaýt.


Ruhanylar Sadok bilen Abýatar hem şol ýerde seniň ýanyňda bolarlar. Şa köşgünden eşidenleriňi şolara aýdarsyň.


Şewa – kätip, Sadok bilen Abýatar – ruhanylar boldy.


Rebbiň sandygyny göterijiler alty ädim ýöränden soň, Dawut bir öküz bilen semiz göläni gurbanlyk berdi.


Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelek – ruhanydylar, Seraýa – kätipdi,


Emma Sadok ruhany, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, Natan pygamber, Şimgi, Regi hem-de Dawudyň batyr ýigitleri Adonyýanyň tarapynda däldiler.


Patyşa Abýatar ruhana şeýle diýdi: «Bar, öz Anatotdaky ýeriňe git, çünki sen ýaşamaga mynasyp dälsiň. Emma men seni şu wagt öldürjek däl, çünki sen kakam Dawudyň öňünde Hökmürowan Rebbiň sandygyny göterdiň, sen kakamyň ähli muşakgatlyklaryny deň çekişdiň».


Patyşa onuň ýerine Ýehoýadanyň ogly Benaýany goşunbaşy edip belledi. Abýataryň deregine bolsa, Sadogy ruhanylyga belledi.


Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömürbaky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.


Bu paý Maňa ruhanyçylyga bagyş edilen Sadok nesilleri üçindir. Olar öýümiň goramak keşigini çekdiler. Ysraýyl halky ýoldan çykanda, lewiler hem ýoldan çykdylar, emma Sadok nesilleri Maňa wepaly boldular.


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Emma ol kohatlara hiç zat bermedi, çünki olaryň wezipesi mukaddes zatlary eginlerinde daşamakdy.


halka şeýle buýruk berdiler: «Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryny gören badyňyza, öz düşelgäňiziň daşyna çykyp, olaryň yzyna düşüň.


Soňra Ýeşuwa ruhanylara Äht sandygyny eginlerine göterip, halkyň öňünden ýöremegi buýurdy. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.


Batly çalnan surnaýlaryň seslerini eşiden badyňyza, ähliňiz gaty sesiňiz bilen gygyryň, şonda galanyň diwarlary ýykylar. Şol wagt ähli adamlar galanyň içine kürsäp girsinler».


Soňra ol öz adamlaryna galanyň daşyndan aýlanyp başlamagy we öňdäki ýaragly goşuna Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöremekligi buýurdy.


Ýöne Ahytubyň agtyklarynyň biri, Ahymelegiň ogullarynyň biri bolan Abýatar gaçyp, başyny gutardy we Dawudyň yzyndan gitdi.


Hudaýyň sandygy elden gitdi, Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem öldürildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ