Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 15:21 - Mukaddes Kitap

21 Emma Ytaý Dawut patyşa: «Rebden hem-de şa hezretlerinden ant içýärin; ha ölüm bolsun, ha ömür – parhy ýok, şa hezretleri nirede bolsa, guluňyz hem şol ýerde bolar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Эмма Ытай Давут патыша: «Ребден хем-де ша хезретлеринден ант ичйәрин; ха өлүм болсун, ха өмүр – пархы ёк, ша хезретлери ниреде болса, гулуңыз хем шол ерде болар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 15:21
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Ytaýa: «Bolýar, bar geç» diýdi. Ytaý ýanyndaky ähli adamlarydyr bala-çagalary bilen bilelikde geçdi.


Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Beýtele gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Beýtele gitdiler.


Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Ýeriho gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebbiň we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Ýeriho gitdiler.


Ylýas Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Iordan derýasyna gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi-de bile tirkeşip, ýollaryny dowam etdirdiler.


Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi.


Ýakynyň seni hemme wagt söýýändir, dogan kynçylykly pursadyň üçin doglandyr.


Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar, ýöne dogandan-da ýakyn dost bar.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Men bulary sizi ýazgarmak üçin aýdamok. Sebäbi ozal hem aýdyşym ýaly, ýüreklerimiziň töründe ornuňyz bardyr, biz ýaşasak-da, ölsek-de bile bolarys.


Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».


Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý, agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ