Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 15:14 - Mukaddes Kitap

14 Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany, boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan geçirer» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Давут Иерусалимде өзи билен биле болан әхли адамларына: «Ханы, болуң, гачалың! Ёгсам, бизе Абшаломдан гутулма ёкдур. Ховлукмасак, ол ызымыздан етип, бизи тутар, башымыза бела гетирер ве галадакылары гылычдан гечирер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 15:14
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb şeýle diýýär: «Saňa erbetligi öz öýüňden dörederin. Aýallaryňy öz gözüňiň alnynda eliňden alyp, ýakynyňa bererin. Ol ýakynyň gündiziň günortany aýallaryň bilen ýatar.


Patyşanyň adamlary oňa: «Şa hezretleri näme islese, siziň gullaryňyz şoňa razy» diýdiler.


Başyna ýag guýup, özümize patyşa goýan Abşalomymyz-a uruşda öldi. Indi patyşany yzyna getirmek barada näme üçin dil ýarmaýarsyňyz?» diýip, özara jedelleşýärdiler.


Ysraýyl tireleriniň ählisi: «Dawut bizi duşmanlarymyzyň elinden we piliştlilerden halas etdi. Ol Abşalom zerarly ýurtdan gaçdy.


Hökümdar halkyň mirasyndan alyp, olary mülklerinden mahrum etmeli däldir; Meniň halkymdan hiç bir kişi mülkünden kowulmaz ýaly, her kim ogullaryna öz mülkünden miras bermelidir».


Çümdüriji Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Şalygyna rehimsiz hüjüm edilýär we wagşy adamlar ony ele salýarlar.


Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ