Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 15:12 - Mukaddes Kitap

12 Abşalom gurbanlyk berende, adam iberip, Dawudyň geňeşçisi giloly Ahytopeli çagyryp getirtdi. Güýçli dildüwşük boldy. Abşalomyň daşyna üýşýänleriň sany barha artýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Абшалом гурбанлык беренде, адам иберип, Давудың геңешчиси гилолы Ахытопели чагырып гетиртди. Гүйчли дилдүвшүк болды. Абшаломың дашына үйшйәнлериң саны барха артярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 15:12
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.


Abşalom bilen tutuş ysraýyl halky Iýerusalime geldiler; Ahytopel hem olaryň ýanyndady.


Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


magakaly Ahasbaýyň ogly Elipelet, giloly Ahytopeliň ogly Eligam,


Olar agyz beklemegi yglan edip, Nabody halkyň öňünde hormatly ýerde oturtdylar.


Ol hatlarda şeýle ýazylypdy: «Agyz beklemegi yglan ediň-de, Nabody halkyň öňünde törde oturdyň.


Ahytopel patyşanyň geňeşçisidi, arky urugyndan bolan Huşaý patyşanyň dostudy.


Gaýam bolan Hudaýyma şeýle diýýärin: «Näme üçin meni unutdyň? Duşman meni gysan wagtynda näme üçin gam-gussaly gezmeli?»


Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.


Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».


Onsoň Bilgam Ballaga: «Maňa şu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, ýedi öküz bilen ýedi sany goçy taýýarlap goý» diýdi.


Şeýdip, Ballak Bilgamy Zopym ýaýlasyna, Pisga dagynyň depesine alyp bardy. Ol ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gurup, olaryň hersiniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.


Onsoň Ballak edil Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her bir gurbanlyk sypasynyň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.


Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Goşen, Holon, Gilo – obalary bilen bile jemi on bir gala;


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ