Ýowap ýere ýüzin düşüp tagzym etdi we patyşa alkyş aýtdy. Soňra ol patyşa: «Eý, şa hezretleri, öz islegini berjaý edendigiňize görä, siziň nazaryňyzda rehim-şepagat tapandygyny men guluňyz bilýär» diýdi.
Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.)