Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 14:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýowap Tekowa galasyna adam iberip, ol ýerden bir dana aýaly getirtdi. Ýowap aýala: «Ýas lybasyna girersiň-de, ýas tutýan kişi bolarsyň; atyr sepinmersiň, özüňi esli wagtdan bäri bir merhumyň ýasyny tutýan ýaly alyp bararsyň;

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ёвап Текова галасына адам иберип, ол ерден бир дана аялы гетиртди. Ёвап аяла: «Яс лыбасына гирерсиң-де, яс тутян киши боларсың; атыр сепинмерсиң, өзүңи эсли вагтдан бәри бир мерхумың ясыны тутян ялы алып барарсың;

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 14:2
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýal öýüne gidip, bürenjegini aýryp, ýene-de dulluk geýimini geýdi.


Uryýanyň aýaly adamsynyň ölendigini eşidip, onuň ýasyny tutdy.


Dawut ýerinden galdy, ýuwundy, üstüne atyr sepdi we geýimlerini çalşyrdy. Soňra Rebbiň öýüne gidip ybadat etdi. Soň öýüne gaýdyp geldi we naharlanjakdygyny aýtdy. Öňünde nahar goýdular, ol naharlandy.


Bir akylly aýal galadan: «Gulak assaňyzlaň! Diňleseňizläň! Ýowaba aýdyň, men onuň bilen gepleşmek isleýärin» diýip gygyrdy.


Ýarobgam öz aýalyna şeýle diýdi: «Bar, Ýarobgamyň aýalydygyň bilinmez ýaly başga geýime gir-de, Şilo git, çünki Ahyýa pygamber şol ýerdedir. Ol meniň bu halka patyşa boljagymy aýdypdy.


Onsoň Reb Ahyýa: «Ýarobgamyň aýaly syrkaw ogly hakda soramaga geler» diýdi. Reb Ahyýa Ýarobgamyň aýalyna näme jogap bermelidigini aýtdy. Ol gelende, nätanyş aýal bolup geldi.


Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».


Onsoň tekowalylar beýik gorag diňiniň garşysyndaky Ofel diwaryna çenli bolan aralygy dikeltdiler.


Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini tekowalylar dikeltdiler. Ýöne olaryň begleri baştutanlary tarapyndan bellenen işi etmekden ýüz öwürdiler.


Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».


Eşigiň mydama ak bolsun; başyňyň hoşboý ysly ýagy kemlik etmesin.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Emma siz agyz bekläniňizde, başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň.


Sen ýuwun-da, endamyňa ýag çal, iň gowy geýimleriňi geýip, harmana bar, ýöne ol iýip-içip bolýança, oňa görünme.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ