Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 14:11 - Mukaddes Kitap

11 Aýal: «Goý, şa hezretleri öz Hudaýy Rebden ant içsin we öldürileniň hossary mundan beýläk adam öldürmesin, meniň oglumam diri galsyn» diýdi. Patyşa: «Rebden ant içýärin, ogluňa barmagyny batyran adam bolmaz» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Аял: «Гой, ша хезретлери өз Худайы Ребден ант ичсин ве өлдүрилениң хоссары мундан бейләк адам өлдүрмесин, мениң оглумам дири галсын» дийди. Патыша: «Ребден ант ичйәрин, оглуңа бармагыны батыран адам болмаз» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 14:11
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň – Rebbiň adyndan ant içýärin.


Laban Ýakuba ýene-de şeýle diýdi: «Eger gyzlaryma azar beräýseň ýa-da olaryň üstüne aýal alaýsaň, onda bilip goýgun, aralykda adam bolmasa-da, bize Hudaýyň Özi şaýatdyr. Ine, şu daş üýşmegi bilen şu dikme daş biziň ähtimize şaýatlyk etsin.


Patyşa: «Eger biri bir zat diýäýse, meniň ýanyma alyp gel, hiç zat diýmez ýaly ederin» diýdi.


Aýal: «Ygtyýar etseňiz, şa hezretlerine gyrnagyňyzyň bir sözi bar» diýdi. Patyşa: «Aýt!» diýdi.


Şondan soň patyşa Ýowaba: «Bolýar, men razy; bar, ýaş ýigidi – Abşalomy yzyna getir» diýdi.


Süleýman şeýle jogap gaýtardy: «Eger ol özüni laýyk alyp barsa, onuň ýekeje gylam gymyldamaz, eger-de ondan bir pislik tapylaýsa, onda ol öler».


Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin.


ýa-da duşmançylykdan ony eli bilen urup öldürse, onda ony öldüren adam ölüme höküm edilsin. Ol adam ganhordyr, öldürileniň hossary ganhory duşan ýerinde öldürsin.


we öldürileniň hossary ony tapyp öldürse, öldürileniň hossary ganhor saýylmaly däldir.


Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr.


Şonuň üçin sizden haýyş edýärin, naharlanyň. Bu siziň diri galmagyňyz üçin gerekdir. Hiç biriňiziň saçyňyzyň ýeke tary-da kemelmez» diýdi.


Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy.


Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi.


Emma Şawul: «Rebden ant içýärin, şu işden saňa hiç hili zyýan ýetmez» diýip, Rebden ant içdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ