Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 13:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýonadap Amnona: «Eý, şazada, gün-günden halyň perişan bolup barýar-la! Belki, munuň sebäbini maňa aýdarsyň?!» diýdi. Amnon oňa: «Doganym Abşalomyň uýasy Tamara aşyk boldum» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ёнадап Амнона: «Эй, шазада, гүн-гүнден халың перишан болуп баряр-ла! Белки, мунуң себәбини маңа айдарсың?!» дийди. Амнон оңа: «Доганым Абшаломың уясы Тамара ашык болдум» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 13:4
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Amnonyň Ýonadap diýen bir dosty bardy. Ýonadap Dawudyň dogany Şimganyň ogludy. Ol juda mekir adamdy.


Ýonadap oňa: «Kesellän bol-da, düşegiňe geçip ýat. Kakaň halyňy soramaga gelende, oňa: „Uýam Tamar gelip, meni naharlasyn. Ol öz ýanymda nahar taýýarlasyn. Onuň öz ýanymda nahar taýýarlanyny göräýeýin hem-de nahary onuň öz elinden iýäýeýin“ diýip aýt» diýdi.


Aýaly Izebel Ahabyň ýanyna gelip, ondan: «Sen hiç zat iýmän-içmän, näme beýle ynjalyksyz görünýärsiň?» diýip sorady.


Aýaly Izebel oňa: «Ysraýyla patyşalyk edýän sen dälmi näme? Tur, naharyňy iý-de, göwnüňi hoşla; ýizregelli Nabodyň üzümçiligini saňa meniň özüm alyp bererin».


Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Isle bir öýde, isle başga ýerde doglan bolsun – parhy ýok, öz aýal doganyň bilen ýa-da kakaňyň ýa-da ejeňiň gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme.


Eger bir adam öz gyz doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz gyz dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr.


Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ