Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 13:3 - Mukaddes Kitap

3 Ýöne Amnonyň Ýonadap diýen bir dosty bardy. Ýonadap Dawudyň dogany Şimganyň ogludy. Ol juda mekir adamdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Йөне Амноның Ёнадап диен бир досты барды. Ёнадап Давудың доганы Шимганың оглуды. Ол җуда мекир адамды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 13:3
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyz Reb tarapyndan ýaradylan haýwanlarynyň arasynda iň mekiri ýylandy. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady.


Şol wagtlar Ýahuda öz doganlaryndan aýrylyp, adullamly Hira diýen biriniň ýanyna gidip, şol ýerde ornaşdy.


Ýahuda girewine goýan zatlaryny ol aýaldan almak üçin, adullamly dostundan oňa bir owlak iberdi, ýöne ony tapmady.


Öz enebaşga uýasy Tamara bolan yşk heserinden ýaňa gussa çekip, ol keselledi. Ol boý gyz bolansoň, oňa bir zat etmek Amnona kyn bolup görünýärdi.


Emma Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonadap: «Şa hezretleri: „Ogullarymyň baryndan dyndarypdyrlar“ diýip pikir etmesin. Öldürilen diňe Amnon. Bu Amnonyň öz uýasy Tamaryň namysyna degen gününden bäri Abşalomyň ýüregine düwen niýetidi.


Ýonadap Amnona: «Eý, şazada, gün-günden halyň perişan bolup barýar-la! Belki, munuň sebäbini maňa aýdarsyň?!» diýdi. Amnon oňa: «Doganym Abşalomyň uýasy Tamara aşyk boldum» diýdi.


Ýowap Tekowa galasyna adam iberip, ol ýerden bir dana aýaly getirtdi. Ýowap aýala: «Ýas lybasyna girersiň-de, ýas tutýan kişi bolarsyň; atyr sepinmersiň, özüňi esli wagtdan bäri bir merhumyň ýasyny tutýan ýaly alyp bararsyň;


Ysraýyla sögendigi üçin Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan ony öldürdi.


Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi.


Dawudyň daýysy Ýonatan geňeşçidi; ol paýhasly adamdy hem-de kätipdi. Hakmonynyň ogly Ýehiýel patyşanyň ogullaryna seredýärdi.


Muňa garamazdan, Haman özüni saklap, öýüne gaýtdy. Ol öýüne dostlaryny çagyryp, aýaly Zereşiň hem olara goşulmagyny sorady.


Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.


Haman başdan geçiren wakalarynyň baryny aýaly Zereşe we ähli dostlaryna gürrüň berdi. Soňra onuň dostlary we aýaly Zereş oňa: «Öňünde abraýdan düşen Mordekaýyň ýahudylardan bolsa, onda sen ondan üstün bolup bilmersiň, sen hökman ýeňlersiň» diýdiler.


Jomardyň ýüzüni küýseýänler köp, hemmeler eli açyga dost.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr.


Beýle «danalyk» gökden inen däldir, ol dünýewi bolup, ruhy däldir, şeýtandandyr.


Şimşonyň aýalyny bolsa, ol öýlenende, oňa iň ýakyn dost bolup oturana durmuşa çykardylar.


Soňra ol Ýyşaýdan: «Ogullaryň hemmesi şularmy?» diýip sorady. Ýyşaý: «Ýene körpesi-de bar, ol goýun bakyp ýör» diýip jogap berdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Ony getirt, çünki ol bu ýere özi gelýänçä, biz dyz epmeris» diýdi.


Soňra Ýyşaý Şamuweliň öňünden Şammany geçirdi. Ol: «Reb muny-da saýlamady» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ