Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 13:28 - Mukaddes Kitap

28 Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Абшалом хызматкәрлерине шейле буйрук берди: «Середиң, Амнон шерапдан серхош боланда, мен: „Амноны уруң“ диерин. Шонда сиз оны өлдүрерсиңиз. Горкмаң. Сизе муны мен буюряндырын. Горкмаң, мерт болуң!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 13:28
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol şerap içip, ondan serhoş bolup, öz çadyrynyň ortarasynda ýalaňaç ýatyrdy.


Ertesi gün Dawut ony çagyryp, iýdirip-içirip serhoş etdi. Agşam Uryýa ýene-de öz öýüne gitmän, jenabynyň nökerleri bilen bile öňki ýatýan ýerine gitdi.


Dawut hatynda şeýle ýazdy: «Uryýany söweşiň iň gazaply gidýän ýerinde goý-da, onuň ýanyndan aýryl. Goý, ol ýaralanyp ölsün».


Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het halkyndan bolan Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň“».


Emma Abşalom ýalbaryp, Amnony we beýleki ähli ogullaryny özi bilen ibermäge patyşany razy etdi.


Gyrnagyňyzyň iki sany ogly bardy. Bir gün olar meýdanda uruşdylar. Ol ýerde olary aralamaga adam bolmansoň, biri beýlekisini urup öldürdi.


Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler günortan hüjüme başladylar. Benhadat bolsa özi bilen ylalaşyk baglaşan otuz iki patyşa bilen çadyrda şerap içip, serhoş bolup otyrdy. Benhadadyň Samariýa iberen esgerleri oňa: «Bir topar esgerler Samariýadan çykyp gelýärler» diýip habar berdiler.


Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy.


Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».


Şonuň üçin hem, Müsür patyşasy şol göbegeneleri ýanyna çagyryp, olardan: «Näme üçin siz beýle etdiňiz, erkek doglan çagalary hem diri galdyrdyňyz?» diýip sorady.


Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.


Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi.


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Petrus bilen resullar olara şeýle jogap berdiler: «Ynsana däl-de, Hudaýa boýun bolmak has möhümdir.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar.


Olar oturyp, bile iýip-içdiler. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Ýene bir gün gal, keýpiňi sazla» diýdi.


Ol adamyň özi, gyrnak aýaly we hyzmatkäri gitmekçi bolup ýerlerinden turanda, aýalyň kakasy giýewsine: «Seret, Gün ýaşyp, agşama golaýlap barýar. Bu gije-de bu ýerde ýatyň, dem-dynjyňyzy alyp, öýüňize ertir ir bilen turup gidersiňiz» diýdi.


Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy.


«Patyşa senden hoşal, ähli hyzmatkärleri hem seni gowy görýär. Patyşa giýew bolmak pursadyň geldi» diýen habary assyrynlyk bilen Dawuda ýetirmekligi Şawul öz hyzmatkärlerine buýurdy.


Emma Şawul: «Rebden ant içýärin, şu işden saňa hiç hili zyýan ýetmez» diýip, Rebden ant içdi.


Patyşa oňa: «Gorkma. Näme görýäň?» diýdi. Aýal Şawula: «Ýerden çykyp gelýän ruhy görýän» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ