Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;
Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het halkyndan bolan Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň“».
Dogany Abşalom oňa: «Saňa doganyň Amnon el urdumy? Häzirlikçe sesiňi çykarma, uýam, ol seniň doganyň. Munuň üçin özüňi horlama» diýdi. Şeýdip, Tamar dogany Abşalomyň öýünde ýalňyz ýaşaberdi.
Indi näme üçin siz Meniň buýran gurbanlyklaryma we sadakalaryma göz dikýärsiňiz? Näme üçin sen, Eliý, halkym Ysraýylyň sadakalarynyň iň saýlama ýerleri bilen özüňizi semretjek bolup, öz ogullaryňy Menden artyk hormatlaýarsyň?“