Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 12:9 - Mukaddes Kitap

9 Näme üçin sen Men-Rebbiň ýigrenýän işlerini etmek bilen, Meniň sözümi äsgermediň? Het halkyndan bolan Uryýany söweşde gylyçdan geçirdip, onuň aýalyny özüňe aýal edindiň. Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Нәме үчин сен Мен-Реббиң йигренйән ишлерини этмек билен, Мениң сөзүми әсгермедиң? Хет халкындан болан Урыяны сөвешде гылычдан гечирдип, онуң аялыны өзүңе аял эдиндиң. Оны аммонларың гылыҗы билен өлдүрдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 12:9
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut adamlaryna aýaly getirmegi buýurdy. Aýal Dawudyň ýanyna geldi. Dawut aýbaşydan ýaňy arassalanan Batşeba bilen ýatdy. Soňra aýal öýüne gaýtdy.


Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het halkyndan bolan Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň“».


Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus!


Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.


Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.


Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň.


Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr, Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


emma bu millet meniň nazarymda pis işler edip, sözüme gulak asmasa, onda Men oňa etjek ýagşylygymdan el çekerin.


Reb şeýle diýýär: «Men Ýahudany günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler, Onuň parzlaryny tutmadylar, ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly indi bular-da olar bilen azdylar.


Näme üçin sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň? Näme üçin sen olja kowalaşyp, Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiň?»


Çünki topalaň palçylyga barabar günädir. Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr. Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi».


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Seniň bilen gitmerin, çünki sen Rebbiň sözüni ret etdiň, Reb hem seniň Ysraýyla patyşa bolmaklygyňy ret etdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ