Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Natan Dawuda şeýle diýdi: «Şol adam – sen! Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Seni Ysraýyla patyşalyga saýlanam, Şawulyň elinden halas edenem Men.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Натан Давуда шейле дийди: «Шол адам – сен! Ысрайыл Худайы Реб шейле диййәр: „Сени Ысрайыла патышалыга сайланам, Шавулың элинден халас эденем Мен.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 12:7
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýal şeýle diýdi: «Onda näme üçin Hudaýyň halkyna garşy beýle işleri küýüňe getirýäň? Şanyň bu aýdýanlary onuň özüni ýazgarýar, sebäbi siz kowan adamyňyzy gaýtaryp getirmeýärsiňiz.


Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy:


Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär. Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň, hem-de zalymlaryň elinden meni halas edýärsiň.


Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim.


Git-de, Ýarobgama Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Men seni halkyň arasyndan saýlap, halkym Ysraýylyň üstünden patyşalyga belledim.


Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz.


Men–guluň odur-budur işe güýmenip ýörkä, ýaňky adam ýitirim boldy». Ysraýyl patyşasy oňa: «Saňa edil öz aýdyşyň ýaly jeza berler» diýdi.


Onsoň pygamber Ahap patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Meniň ölüme höküm eden adamymy eliňden goýberendigiň üçin seniň özüň onuň deregine ölersiň, onuň halkynyň başyna geljek bela seniň halkyňyň başyna geler“» diýdi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Şeýdip, Ýermeýa pygamber bu sözleriň baryny Iýerusalimde Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýetirdi.


Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar.


Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy.


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Akmaklyk etdiň, öz Hudaýyň Rebbiň emrini tutmadyň. Reb seniň Ysraýylyň üstünden edýän şalygyňy ömürlik ebedileşdirjekdi.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk sürmäge saýlady.


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


«Dawudy diwara çüýläýin» diýen niýet bilen Şawul naýzany oňa tarap zyňdy. Emma Dawut iki gezek zyňlan naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi.


Şawul «Men ony Dawuda bererin, şeýdibem, oňa duzak guraryn. Piliştliler ondan öç alar» diýip oýlandy. Şonuň üçin ikinji gezek Şawul Dawuda: «Meniň giýewim bolmaga indi sen ikinji gezek mümkinçilik aldyň» diýdi.


Dawut çöldäki gowaklarda, Zip çölündäki daglykda ýaşady. Şawul ony her gün agtardy, ýöne Reb Dawudy onuň eline bermedi.


Dawudyň Kegila gelendigini Şawula habar berdiler. Şawul: «Ony Hudaý meniň elime berdi, çünki ol meniň derwezeli, kiltli galama girip, öz-özüni tora salypdyr» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ