Indi sen goşunyň galan bölegini topla we galanyň çar tarapyndan çozup, ony basyp al. Bolmasa galany özüm basyp alaryn we ol meniň adym bilen atlandyrylar» diýip habar iberdi.
Dawut ammonlaryň patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadanam köp mukdarda olja aldy.