Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Dawut öz nökerlerini, ähli ysraýyl goşunyny Ýowabyň ýolbaşçylygy astynda söweşe ýollady. Olar ammonlary kül-peýekun etdiler, Raba galasyny gabawa aldylar. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy.
Indi sen goşunyň galan bölegini topla we galanyň çar tarapyndan çozup, ony basyp al. Bolmasa galany özüm basyp alaryn we ol meniň adym bilen atlandyrylar» diýip habar iberdi.
(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».