Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 12:20 - Mukaddes Kitap

20 Dawut ýerinden galdy, ýuwundy, üstüne atyr sepdi we geýimlerini çalşyrdy. Soňra Rebbiň öýüne gidip ybadat etdi. Soň öýüne gaýdyp geldi we naharlanjakdygyny aýtdy. Öňünde nahar goýdular, ol naharlandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Давут еринден галды, ювунды, үстүне атыр сепди ве гейимлерини чалшырды. Соңра Реббиң өйүне гидип ыбадат этди. Соң өйүне гайдып гелди ве нахарланҗакдыгыны айтды. Өңүнде нахар гойдулар, ол нахарланды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 12:20
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Dawut adamlarynyň arasynda bir hyşy-wyşynyň bardygyny görüp, çaganyň ýogalandygyna düşündi. Ol adamlaryna: «Çaga ýogaldymy?» diýdi. Olar: «Hawa, ýogaldy» diýdiler.


Adamlary oňa: «Çaga dirikä, agyz beklediň we agladyň. Ol ýogalandan soň bolsa, turup naharlandyň. Bu näme etdigiň boldy?» diýdiler.


Ýowap Tekowa galasyna adam iberip, ol ýerden bir dana aýaly getirtdi. Ýowap aýala: «Ýas lybasyna girersiň-de, ýas tutýan kişi bolarsyň; atyr sepinmersiň, özüňi esli wagtdan bäri bir merhumyň ýasyny tutýan ýaly alyp bararsyň;


Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudy garşylamaga geldi. Patyşanyň giden gününden tä ol sag-salamat dolanyp gelýänçä, ol öz aýaklaryny-da, geýimlerini-de ýuwmandy, sakgalyny hem bejermändi.


Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň onuň üçin ýörite guran çadyrynyň içinde öz ýerinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.


Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa Hökmürowan Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly meniň maşgalam kim?


Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.


Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.


Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym! Sen nähili beýik, ýa Beýik Hudaýym! Şöhrata, şöwkete beslenýänsiň Sen!


Olar daglardan aşyp, jülgelere – Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.


Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».


Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.


Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.


Eşigiň mydama ak bolsun; başyňyň hoşboý ysly ýagy kemlik etmesin.


Emma siz agyz bekläniňizde, başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň.


Sen başyma ýag çalmadyň, emma bu aýal aýaklaryma hoşboý ysly ýag çaldy.


Sen ýuwun-da, endamyňa ýag çal, iň gowy geýimleriňi geýip, harmana bar, ýöne ol iýip-içip bolýança, oňa görünme.


Emma indi ýalbarýaryn, günämi öt. Rebbe sežde ederim ýaly, meniň bilen bile git».


Şunlukda, Şamuwel yzyna Şawul bilen bile gaýtdy; Şawul Rebbe sežde etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ