Reb Dawudyň ýanyna Natan pygamberi iberdi. Ol Dawudyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýdi: «Galalaryň birinde birisi baý, beýlekisi garyp bolan iki sany adam ýaşapdyr.
Garybyň bolsa bar baýlygy ýeke-täk guzujygy eken. Ol ony satyn alyp, öz ýanynda çagalary bilen bile ulaldypdyr. Ol öz eýesi bilen bir tabakdan iýip, bir käseden suw içipdir. Garyp ony öz gujagynda ýatyrýan eken. Ol oňa edil öz gyzy ýaly seredipdir.
Men saňa hojaýynyňyň hojalygyny berdim, aýallaryny gujagyňa saldym. Saňa ysraýyl bilen ýahuda halkyny hem berdim. Bulary az gören bolsaň, onda ýene-de köp zatlary bererdim.
Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.