Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 12:16 - Mukaddes Kitap

16 Dawut çaga üçin Hudaýa ýalbardy, agyz bekledi, otagyna girip, bütin gijeler ýanyny ýere berip ýatdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Давут чага үчин Худая ялбарды, агыз бекледи, отагына гирип, бүтин гиҗелер яныны ере берип ятды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 12:16
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şondan soň Natan öýüne gitdi. Reb Dawudyň Uryýanyň aýalyndan doglan ogluny urdy; çaga agyr keselledi.


Dawut: «Çaga dirikä, agyz bekledim, agladym. Sebäbi men: „Kim bilýär, belki, Reb maňa rehim eder, çaga gutular“ diýip oýlanypdym.


Patyşa turup, ýakasyny ýyrtyp, ýer bagyrtlady. Onuň ýanyndaky adamlary-da ýakalaryny ýyrtdylar.


Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Onsoň patyşa köşgüne gitdi. Oňa göwnüni göterer ýaly hiç zat getirilmedi we ol gijesini agyz bekläp geçirdi. Onuň gözüne uky gelmedi.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Belki, Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys».


Üç günläp onuň gözleri görmedi, şol wagtyň dowamynda ol hiç zat iýip-içmedi.


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ