Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 12:10 - Mukaddes Kitap

10 Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het halkyndan bolan Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Мундан бейләк гылыч мүдимилик сениң неслиңиң депесинден дүшмез. Себәби сен Мени әсгермедиң ве хет халкындан болан Урыяның аялыны өзүңе аял эдиндиң“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 12:10
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý Abymelegiň düýşüne girip, oňa: «Ärli aýaly ýanyňa aldyrdandygyň sebäpli sen ölersiň» diýdi.


Patyşa sandyr-sandyr edip, derwezäniň üstündäki otaga çykyp aglady. Ol gelýärkä: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum! Eý, jan oglum, Abşalom! Seniň ýeriňe men ölen bolsam bolmaýarmy, wah, jan oglum, jan oglum!» diýip aglaýardy.


Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.


Ýagşylyga ýamanlyk gaýtarýanyň öýünden ýamanlyk gitmez.


Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».


eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz».


Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, gylyç çekenleriň hemmesi gylyçdan öler.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ