Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb Dawudyň ýanyna Natan pygamberi iberdi. Ol Dawudyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýdi: «Galalaryň birinde birisi baý, beýlekisi garyp bolan iki sany adam ýaşapdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб Давудың янына Натан пыгамбери иберди. Ол Давудың янына барып, оңа шейле дийди: «Галаларың биринде бириси бай, бейлекиси гарып болан ики саны адам яшапдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 12:1
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut çapara: «Ýowaba aýt, goý, bu iş üçin ol köp alada galmasyn; gylyç kä oňa deger, kä muňa. Galanyň üstüne hüjümi güýçlendirsinler-de, ony ýumursynlar. Şu sözler bilen ony ruhlandyr» diýdi.


Baýyň süri-süri goýnudyr sygry bolupdyr.


Dökülip, topraga siňip giden suw ýaly, ählimiz dünýäden öteris. Ýöne Hudaý jany almaz. Ol kowlanlary Özünden uzaklaşdyrmazlygyň alajyny tapýar.


Şeýlelikde, Natan tutuş bu aýanlygy, ýagny Rebbiň sözlerini Dawuda gürrüň berdi.


Emma Sadok ruhany, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, Natan pygamber, Şimgi, Regi hem-de Dawudyň batyr ýigitleri Adonyýanyň tarapynda däldiler.


Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.


Birnäçe wagt geçenden soň, guraklygyň üçünji ýylynda, Reb Ylýasa şeýle diýýär: «Bar, Ahabyň ýanyna git; Men ýurda ýagyş ýagdyrjak».


«Sen Samariýa patyşalyk edýän ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna git. Ol häzir Nabodyň üzümçiligindedir. Ol ony öz eýeçiligine almaga gitdi.


Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy.


Emma Rebbiň perişdesi tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Git-de, Samariýanyň patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp, olara: „Siz Piliştiň Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“ diý.


Dawut patyşanyň eden işleri başdan-aýak Şamuwel görgüriň, Natan pygamberiň we Gat görgüriň kitabynda ýazylandyr.


Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ