Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 11:25 - Mukaddes Kitap

25 Dawut çapara: «Ýowaba aýt, goý, bu iş üçin ol köp alada galmasyn; gylyç kä oňa deger, kä muňa. Galanyň üstüne hüjümi güýçlendirsinler-de, ony ýumursynlar. Şu sözler bilen ony ruhlandyr» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Давут чапара: «Ёваба айт, гой, бу иш үчин ол көп алада галмасын; гылыч кә оңа дегер, кә муңа. Галаның үстүне хүҗүми гүйчлендирсинлер-де, оны юмурсынлар. Шу сөзлер билен оны рухландыр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 11:25
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda ýaýçylar diwaryň üstünden seniň adamlaryňy oka tutdular; olaryň arasynda ölenleri hem boldy. Het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem şonda öldi».


Uryýanyň aýaly adamsynyň ölendigini eşidip, onuň ýasyny tutdy.


Indi Ýowap ammonlaryň Raba galasynyň garşysyna uruşýardy. Ol şa galasyny basyp aldy.


Ysraýyllar Rebbiň huzuryna gelip, tä agşama çenli aglap ýas tutdular we Ondan: «Biz öz doganymyz bolan benýaminler bilen ýene-de söweşe girelimi?» diýip soradylar. Reb: «Olaryň garşysyna çykyň» diýdi. Ysraýyllar dogumlanyp, şol öňküsi gün baryp duran ýerlerinde ýene-de söweşmäge nyzama durdular.


Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ