Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 11:2 - Mukaddes Kitap

2 Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Бир гүн агшамара Давут дүшегинден туруп, көшгүң үчегине чыкды-да, гезим этмәге башлады. Шол вагт сува дүшүнип дуран бир аяла онуң гөзи дүшди. Аял дийсең гөрмегейди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 11:2
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Müsüre golaýlanlarynda, Ybram aýaly Seraýa: «Men seniň juda owadan aýaldygyňy bilýärin.


Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.


Bu ýurduň begi, hiwilerden bolan Hamoryň ogly Şekem Dinany görüp, ony tutdy, zorlap, namysyna degdi.


Potypar ähli mal-mülküni Ýusubyň ygtyýarlygyna berdi. Ol indi öz damagyndan başga zada baş galdyrmaýardy. Ýusup boý-syratly, juda görmegeý ýigitdi.


Ylahy barlyklar bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar.


Aradan esli wagt geçdi. Dawudyň ogly Abşalomyň Tamar atly bir owadan uýasy bardy. Dawudyň başga bir ogly Amnon oňa aşyk boldy.


Abşalomyň üç ogly bilen Tamar atly bir gyzy bardy. Tamar juda görmegeý boý gyzdy.


Yşboşet günortan dynç alýarka, Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana günortanyň yssysynda onuň öýüne geldiler.


«Boý gyza gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim.


Ýaltalyk gaflat ukusyna batyrýar, ýalta adam açlyk çekýär.


Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur, diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr.


Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme, kirpikleriniň ýesiri bolma.


Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp, garaňky düşende, burçdaky ol aýalyň öýüne golaý köçeden geçip, onuň öýüne tarap barýar.


Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».


Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza pyşyrdanymy üçekden yglan ediň.


Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin.


Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin.


Ertesi gün olar ýol ýöräp, şähere golaýlanlarynda, günortan on iki töweregi Petrus Hudaýa doga etmek üçin üçege çykypdy.


Täze jaý gursaňyz, jaýyň üçegi üçin germew tutuň, ýogsam biri ýykylar-da, öýüňizde nähak gan döküler.


Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme“.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir.


Olar seždegähden gala gaýdyp gelenlerinden soň, Şamuwel Şawul bilen üçegiň üstünde gepleşdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ