Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 11:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Dawut öz nökerlerini, ähli ysraýyl goşunyny Ýowabyň ýolbaşçylygy astynda söweşe ýollady. Olar ammonlary kül-peýekun etdiler, Raba galasyny gabawa aldylar. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Яз паслында, патышаларың йөрише гидйән дөври Давут өз нөкерлерини, әхли ысрайыл гошуныны Ёвабың ёлбашчылыгы астында сөвеше ёллады. Олар аммонлары күл-пеекун этдилер, Раба галасыны габава алдылар. Эмма Давут Иерусалимде галыпды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 11:1
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlar Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap ammonlar bilen söweşmesini bes edip, yzyna gaýtdy we Iýerusalime geldi.


Soňra pygamber ysraýyl patyşasynyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Git-de, güýç topla, seresaply meýilnama düz, çünki indiki baharda Siriýa patyşasy Benhadat täzeden seniň üstüňe hüjüm eder».


Bahar paslynda Benhadat Siriýa goşunyny toplap, Ysraýylyň garşysyna uruş etmek üçin Apege gitdi.


Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Ýowap goşuny alyp, ýörişe çykyp, Ammon ýurduny kül-peýekun etdi, soň gelip, Rabany gabady. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy. Ýowap Rabanyň üstüne hüjüm edip, ony derbi-dagyn etdi.


Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakyny Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi.


Kasamlarymy günde berjaý ederin, Seniň adyňa elmydama nagma aýdaryn.


Söýmegiň öz wagty bar, ýigrenmegiň öz wagty; urşuň öz wagty bar, parahatçylygyň öz wagty.


Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.


Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.


Ammonlaryň Raba galasyna ýa-da Ýahudadaky berk diwarly Iýerusalime girer ýaly, gylyç üçin ýol ýasa.


Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder.


Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar.


(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».


Piliştli goşunbaşylar söweşe çykýardylar. Her söweşde-de Şawulyň beýleki goşunbaşylaryna garanda, Dawut has uly ýeňişler gazanýardy. Şunlukda, Dawudyň abraýy has artdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ