Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 10:8 - Mukaddes Kitap

8 Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular. Emma Soba bilen Rehop galalaryndan gelen siriýalylar we Topuň hem Magakanyň adamlary açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Аммонлар чыкып, галаның дервезесиниң агзында сөвешмек үчин нызама дурдулар. Эмма Соба билен Рехоп галаларындан гелен сириялылар ве Топуң хем Магаканың адамлары ачык мейданда айратын нызама дурдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 10:8
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.


Dawut muny eşidip, Ýowap bilen batyr esgerli tutuş goşuny olaryň garşysyna sürdi.


Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary siriýalylaryň garşysyna nyzama duruzdy.


magakaly Ahasbaýyň ogly Elipelet, giloly Ahytopeliň ogly Eligam,


Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler.


Olar otuz iki müň sany söweş arabasyny we patyşa Magakany goşuny bilen hakyna tutdular. Olar gelip, Meýdebanyň öňünde harby düşelge gurdular. Ammonlylar hem öz galalaryndan ýygnanyşyp, söweşe çykdylar.


Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular, gelen patyşalar bolsa açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.


Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogullary Ýohanan hem Ýonatan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispadaky Gedalýanyň ýanyna geldiler.


Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň». Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi.


Ebrona, Rehoba, Hammona, Kana we Beýik Sidona çenli dowam edýär.


Aşerler Akko, Sidon, Ahlap, Akzyp, Helba, Afyk we Rehop galalarynyň ilatyny kowmadylar.


Ýeftah öz doganlaryndan gaçyp, Top diýlen ýerde ornaşdy we daşyna üýşen bozgaklara baş bolup ugrady.


Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftahy alyp gaýtmak üçin Top ülkesine gitdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ