Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Давуды өзлерине душман эдендиклерине дүшүнип, аммонлар Бейтрехоп билен Собадан сириялыларың йигрими мүң эсгерини, Топдан он ики мүң адамы хем-де Магака патышасыны мүң адамы билен биле хакына тутдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 10:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup Şimgon bilen Lewä: «Siz bu ýurduň ilaty bolan kenganlardyr perizleri maňa duşman edip, başymy bela sokduňyz. Biz azlyk edýändiris. Olar bize garşy baş göterip, meni bütin hojalygym bilen bilelikde gyrgyna bererler» diýdi.


Bu hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden adam iberdi, çünki olar gaty utanýardylar.


Dawut muny eşidip, Ýowap bilen batyr esgerli tutuş goşuny olaryň garşysyna sürdi.


Ahytopel: «Kakaňyň öýe seretmek üçin goýup giden gyrnak aýallary bilen ýat. Şeýtseň, özüňi kakaňa duşman edendigiňi tutuş Ysraýyl eşider we seniň tarapyňdakylaryň goluna kuwwat berer» diýdi.


magakaly Ahasbaýyň ogly Elipelet, giloly Ahytopeliň ogly Eligam,


Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi.


Damaskda ýaşaýan siriýalylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut siriýalylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi.


Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler.


Çünki Taňry Siriýa goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler.


Meniň agzym danalygy sözlesin, ýürek pikirlerim düşünje bersin.


Olar Musa bilen Haruna: «Faraon we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler.


derrew kaza getirme. Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?


Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogullary Ýohanan hem Ýonatan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispadaky Gedalýanyň ýanyna geldiler.


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.)


Ýeftah öz doganlaryndan gaçyp, Top diýlen ýerde ornaşdy we daşyna üýşen bozgaklara baş bolup ugrady.


Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftahy alyp gaýtmak üçin Top ülkesine gitdiler.


Ol ýerdäkilere kömek eden tapylmady, sebäbi olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. Ol gala Beýtrehobyň golaýynda ýerleşýärdi, danlar galany täzeden gurdular-da, ol ýerde ýaşap başladylar.


Şawulyň piliştli goşuny derbi-dagyn edendigini ysraýyllar eşidenlerinde, piliştlileriň özleri bilen öjügendiklerini duýup, olar Gilgala Şawulyň ýanyna ýygnandylar.


Akyş han Dawuda ynanyp: «Ol öz halkynyň gözünden büs-bütin düşüp, meniň hemişelik guluma öwrüler» diýip pikir edýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ