Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 10:12 - Mukaddes Kitap

12 Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini eder» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мерт бол, халкымыз үчин ве Худайымызың галалары үчин дөзүмли сөвешели. Реб болса Өз исләнини эдер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 10:12
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýowap: «Bardy-geldi siriýalylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin.


Emma Reb: „Men senden razy däl“ diýäýse, onda, ine, men; islänini edäýsin».


Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini etsin» diýdi.


Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!»


Onsoň olaryň hemmesi gelip, Iýerusalime garşy uruşmak we onda aljyraňňylyk döretmek üçin dil düwüşdiler.


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä. Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.


Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet? Olar galalarda ýaşaýarmy ýa-da açyk meýdanda?


Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň.


Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez».


Soňra Musa Ýeşuwany çagyryp, ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda şeýle diýdi: «Dözümli we mert bol, çünki Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna bu halk bilen gitjek ýeke-täk sensiň. Bu ýurdy olara mülk edip paýlap berjek hem diňe sensiň!


Iman arkaly olar ençeme patyşalygy ýeňdiler, ýurdy adalatly dolandyrdylar, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar,


Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».


Kimde-kim seniň sözüňe garşy çykyp, seniň tabşyran her bir buýrugyňa boýun bolmasa, onuň jezasy ölümdir. Diňe dözümli hem mert bol!»


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler.


Soňra Ýonatan bilen onuň ýaragçy nökerine piliştliler: «Bäri geliň, size aýtjak zadymyz bar» diýip gygyrdylar. Ýonatan öz ýaragçy nökerine: «Yzym bilen çykyber. Çünki Reb olary Ysraýylyň eline berdi» diýdi.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Dawut Şawula: «Şol zerarly ýeke adamam özüni horlamasyn. Guluň gidip, ol piliştli bilen urşar» diýdi.


Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.


Eý, piliştliler, ýewreýleriň öz gapyňyzda gul boluşlary ýaly, siziň hem olaryň gapysynda gul bolasyňyz gelmeýän bolsa, gaýrata galyň, mert boluň! Olar bilen mert durup söweşiň!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ