Elýaşa agyr keselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursady golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, sesli aglady.
Elýaşa Ylýas pygambere seredip: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, bar sesi bilen gygyrýar. Şondan soň Elýaşa Ylýas pygamberi hiç haçan görmedi. Elýaşa öz eşiklerini ýyrtyp, ikä böldi.