Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Şamuwel 1:20 - Mukaddes Kitap

20 Gatlylara aýtmaň muny, Aşkelonyň köçelerinde ýaýmaň. Ýogsam piliştlileriň gyzlary joşar, sünnetsizleriň gyzlary heşelle kakar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Гатлылара айтмаң муны, Ашкелоның көчелеринде яймаң. Ёгсам пилиштлилериң гызлары җошар, сүннетсизлериң гызлары хешелле какар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Şamuwel 1:20
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem, Men saňa garşy el göterdim, rysgalyňy kemeltdim we seni özüňi ýigrenýänlere, seniň zynagärligiňden utanýan piliştli gyzlaryň erkine berdim.


Indi bolsa seniň pisligiňiň üsti açyldy. Indi sen Edom, pilişt gyzlary we seni ýigrenýän başga halklar tarapyndan masgaralanýarsyň.


Muny Gatda aýtmaň, ahy-nalaňyzy bes ediň; Beýtlegaparda gamgynlykdan guma togalanyň.


Ýeftah Mispadaky öýüne gelende, onuň öz gyzy eli deprekli tans edip, öňünden çykdy; onuň ýeke gyzy bardy, başga ogly-da, gyzy-da ýokdy.


Rebbiň Ruhy oňa indi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».


Dawut Jalut piliştlini öldürenden soň, adamlar öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ähli Ysraýyl galalaryndan gelen aýallar Şawul patyşany garşylamaga çykdylar. Olar deprekdir beýleki saz gurallaryny çalyp, şadyýan aýdymlar aýdýardylar, tans edýärdiler.


Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn». Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.


Piliştlileriň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde iberen altyndan ýasalan çykuw şekilleriniň biri Aşdot üçin, biri Gaza üçin, biri Aşkelon üçin, biri Gat üçin, ýene biri bolsa Ekron galalary üçindir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ