Atat harmany diýen ýerdäki ýasy görüp, Kenganyň ýerli ilaty: «Müsürlileriň ýas tutuşy, gör, nähili agyr!» diýişdiler. Şoňa görä-de, Iordan derýasynyň gündogar tarapyndaky bu ýere Abelmisraýym diýen at berildi.
Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr.