Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 3:17 - Mukaddes Kitap

17 Şonuň üçin hem, eý, söýgüli doganlar, bu zatlary öňden bilýändigiňiz üçin, hüşgär boluň! Imandan dänmeziňiz ýaly, azgyn adamlar sizi ýoldan çykarmasyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шонуң үчин хем, эй, сөйгүли доганлар, бу затлары өңден билйәндигиңиз үчин, хүшгәр болуң! Имандан дәнмезиңиз ялы, азгын адамлар сизи ёлдан чыкармасын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 3:17
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Guşuň gözüniň öňünde oňa tor gurmak puçdur. Ýöne bukuda garaşýanlaryň öz gany döküler, bukuda otyrkalar, olaryň aljak jany öz jany bolar.


Siz nädip çörek barada gürrüň etmeýändigime düşüneňzok? Men size: „Özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň“ diýýärin».


Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Bulary Men size häzirden aýdyp goýýaryn. Wagty gelende, bulary size aýdandygymy ýadyňyza salarsyňyz. Size bulary ilkibaşda gürrüň bermedim, sebäbi Özüm siziň bilen biledim.


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Şunlukda, siz berk durandyrys diýip pikir edýän-de bolsaňyz, günä etmez ýaly, ägä boluň!


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Eý, özüni Mukaddes Kanun arkaly aklamakçy bolýanlar! Siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


şol «itlerden», şol betkärlerden, şol pürçük «çapyjylardan» seresap boluň.


Sebäbi men araňyzda bolmasam-da, ýüregimde siziň bilendirin. Siziň tertip-düzgünlidigiňizi, Mesihe bolan berk imanyňyzy görüp şatlanýaryn.


Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr.


Sen hem ondan ägä bol, sebäbi ol biziň aýdýanlarymyzyň baryna bütinleý garşy çykypdy.


Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.


Dünýäniň ähli ýerinde doganlaryňyzyň hem hut şunuň ýaly ejirlere duçar bolýandyklaryny bilýändigiňiz üçin, berk iman bilen iblise garşy duruň.


Azgynlaryň ahlaksyz ýaşaýşyndan jebir çeken dogruçyl Luty halas etdi.


Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. Bu iki hatymda-da sagdyn pikirli bolmalydygyňyzy ýatlatmak bilen düşünjäňizi oýarýaryn.


Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ