Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Ol ähli hatlarynda şular barada gürrüň açýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirine düşünmek kyndyr. Nadan hem durnuksyz adamlar bu ýazylanlary we beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýmak bilen özleri heläk bolýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ол әхли хатларында шулар барада гүррүң ачяндыр. Оларда языланларың кәбирине дүшүнмек кындыр. Надан хем дурнуксыз адамлар бу языланлары ве бейлеки Мукаддес Язгылары ёймак билен өзлери хеләк болярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 3:16
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Suw kimin durnuksyzsyň sen, indiden beýläk mertebäň belende galmaz seniň, çünki sen öz ataň düşegine geçip, ony harama çykardyň.


Şeba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi.


Men arslanlaryň arasynda, wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn; olaryň dişleri naýza, ok ýaly, kesgir gylyç ýaly olaryň dili.


Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme.


Emma mundan beýläk Rebden gelen pygamberlik sözüni agzamarsyňyz, çünki her kes öz sözüni pygamberlik sözi diýip saýýar. Şeýdip, siz diri Hudaýyň, Hökmürowan Hudaýymyz Rebbiň sözlerini ýoýduňyz.


Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, adalata ýol ýok. Erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, şeýdibem, hakykat ýoýulýar.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz näme üçin öz adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň buýrugyny bozýarsyňyz?


Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz.


Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn.


Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.


Isa Mesihiň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam!


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ