Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 3:11 - Mukaddes Kitap

11-12 Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11-12 Әхли зат шейдип даргаҗак болса, онда сизиң нәхили адамлар болмагыңыз герек? Худайың гүнүне гарашып, оны чалтландырып, Худайың пәк йөрелгесине эермегиңиз герек. Ол гүн асман янып ёк болар, асман җисимлери янып эрәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 3:11
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men bolsa eşidip bilmeýän ker adam ýaly, gürläp bilmeýän lal ynsan ýaly.


Onuň çadyry Salimdedir, Onuň mekany Siondadyr.


Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan titräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».


Jaýryk-jaýryk bolar ýer ýüzi, bölek-bölek bolar ol, ýer ýüzi güýçli sarsar.


Gögüň ähli goşunlary çüýrär, asman kagyz kimin düýrlener; ähli asman jisimleri üzüm agajynyň ýapragy dek, injir agajynyň ýapragy dek solarlar.


Olar haýran galyp: «Bu nähili Adamka, hatda ýel bilen köl-de Oňa gulak asýar?» diýişdiler.


Şonuň üçin-de, biri-biriňizi söýüp ýaşaň, häzir zamananyň nähilidigini bilýänsiňiz. Ukudan oýanmaly sagadymyz gelip ýetdi, sebäbi biziň halas bolmaly pursadymyz Isa Mesihe iman eden wagtymyzdakydan has golaýlandyr.


Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Ýaşdygyň üçin saňa hiç kim äsgermezlik etmesin. Sen hem sözde, ýaşaýyşda, söýgüde, imanda we päklikde iman getirenlere görelde bol.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Eger kimde-kim meniň öwredenlerimden özgesini öwretse, Rebbimiz Isa Mesihiň sagdyn taglymatyny ýalan saýyp, Hudaýyň ýörelgesine laýyk bolan taglymaty oňlamaýan bolsa,


Hakykatda bolsa, baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýörelgesine eýermek uly gazançdyr.


Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.


Ol özüni synlap gidenden soň, şobada nähilidigini ýatdan çykarýar.


Araňyzda dana hem parasatly adam barmy? Eger bar bolsa, goý, ol muny dogry durmuşy we danalykdan çykýan pespälligi bilen bitiren oňat işlerinde görkezsin.


Özüňizi çagyran Hudaýyň mukaddes bolşy ýaly, siz hem ähli edýän işleriňizde mukaddes boluň.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Hudaýyň ýörelgesi boýunça ýaşamagymyz üçin Ol Öz güýji arkaly bize gerek bolan ähli zady berdi. Ol muny ýagşylyk we şöhrat bilen bizi Çagyrany tanamagymyz üçin etdi.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ