Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эмма Реббиң гүни гиҗеки огры кимин гелер. Шонда асман улы гүпүрди билен йитер, асман җисимлери янып даргар, ер ве онда эдилен әхли ишлер әшгәр болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 3:10
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.


Rebbe lirada, lirada owazly alkyşlar aýdyň.


Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,


Jaýryk-jaýryk bolar ýer ýüzi, bölek-bölek bolar ol, ýer ýüzi güýçli sarsar.


Gögüň ähli goşunlary çüýrär, asman kagyz kimin düýrlener; ähli asman jisimleri üzüm agajynyň ýapragy dek, injir agajynyň ýapragy dek solarlar.


Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men ynsanlary baky halas ederin, olary azat ederin.


Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.


Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.


Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.


Höküm jülgesinde Birgiden mähelle, ägirt mähelle! Çünki Rebbiň güni höküm jülgesine golaýdyr.


Ine, şeýle günler geler – Hökmürowan Reb diýýär, ýer sürýän orak orýanyň yzyndan ýeter, üzüm sykýan ekiş döwrüne çenli işini gutarmaz, şirin şerap daglardan damar, bütin depelerden-de joşup akar. Halkym Ysraýyla öňki abadançylygyny gaýtararyn, ýumrulan şäherleri dikeldip, olarda mesgen tutarlar, üzüm baglaryny oturdyp, olaryň şerabyny içerler, bag-bakjalar ekip, olaryň miwesini iýerler. Men olary öz topragynda oturdaryn, Meniň özlerine beren topragymdan indi olar hiç haçan çykarylmaz. Muny Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.


Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb elini ýere degirýär we ýer sarsýar, ýerde ýaşaýan her kes ýas tutýar. Bütin ýer ýüzi Nil kimin tolkun atýar, Müsüriň Nil derýasy deý ýene pese düşýär.


Daglar Onuň aýak astynda erär, dereler böwsülip, otda ereýän mum ýaly, kertden inýän suw deýin bolar.


Rebbiň öňünde daglar titreýär, baýyrlyklar ereýär, ýer sarsýar, dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.


Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, öýüni talatmazdy.


Sebäbi ýaradylyş öz islegi boýunça däl-de, Hudaýyň islegi boýunça puçluga tabyn bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň perzentleriniň şan-şöhrata gowşan pursadynda ýaradylyş özüniň hem çüýreme näletinden azat edilip, şol şöhrata gowşaryn diýip umyt edýär.


Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde aýypsyz bolmagyňyz üçin, Onuň Özi sizi ahyra çenli berkider.


şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler.


Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn.


Emma, eý, doganlar, Rebbiň güni siziň üstüňizi bir ogry kimin duýdansyz basmasyn, sebäbi siz garaňkylykda däl ahyryn.


Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.


Ine, häzirki ýer bilen asman bolsa Hudaýyň sözi bilen saklanyp, hudaýsyz adamlaryň höküm we heläk ediljek gününe çenli ot üçin taýýar dur.


Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.


«Ine, Men bir ogry kimin gelýärin! Oýa bolan bagtlydyr! Ýalaňaç gezmän, uýatlaryny görkezmän, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Onsoň men bir täze gök bilen bir täze ýer gördüm. Çünki öňki gök we ýer aýrylypdy. Indi hiç bir deňiz hem ýokdy.


Eşidenleriňi we öwrenenleriňi ýada sal, olary berjaý et-de toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly bararyn. Meniň haýsy sagatda üstüňe barjagymy-da bilmän galarsyň.


Gök hem kagyz kimin düýrlenip, gözden ýitdi. Daglaryň, adalaryň ählisi öz ýerinden gozgandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ