Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. Bu iki hatymda-da sagdyn pikirli bolmalydygyňyzy ýatlatmak bilen düşünjäňizi oýarýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эй, сөйгүли доганлар, инди сизе бу икинҗи хаты язярын. Бу ики хатымда-да сагдын пикирли болмалыдыгыңызы ятлатмак билен дүшүнҗәңизи оярярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 3:1
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy hem-de öwret maňa ýodalaryňy.


Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň? Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?


Kalby päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler.


Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,


Eziz dostlar, biz şeýle diýsek hem, siziň beýle däldigiňizi bilýäris. Siziň dogry ýoldan ýöräp, halas boljakdygyňyza ynanýarys.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.


Şonuň üçin hem, eý, söýgüli doganlar, bu zatlary öňden bilýändigiňiz üçin, hüşgär boluň! Imandan dänmeziňiz ýaly, azgyn adamlar sizi ýoldan çykarmasyn.


Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň nazarynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bolsa bir gün ýalydyr.


Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ