Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Azgynlaryň ahlaksyz ýaşaýşyndan jebir çeken dogruçyl Luty halas etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Азгынларың ахлаксыз яшайшындан җебир чекен догручыл Луты халас этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 2:7
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.


Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar.


Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar diýlip atlandyryldy.


Şeýdip, Hudaý düzlükdäki iki galany weýran edende, Ybraýymy ýatdan çykarmady; Lutuň mesgen tutan galalaryny weýran edende, Hudaý Luty ol betbagtçylykdan halas etdi.


Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar.


Reb seniň Arkadagyňdyr, Reb sagyňdaky kölegäňiňdir.


Pygamberler hakynda: Ýüregim içimde syndy, ähli süňklerim sandyraýar. Reb sebäpli, Onuň mukaddes sözleri sebäpli men serhoş adam kimin, şerabyň ýesiri kimin boldum.


Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Köp adamlar olaryň azgynçylykly ýörelgelerine eýererler, şolar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler.


Şonuň üçin hem, eý, söýgüli doganlar, bu zatlary öňden bilýändigiňiz üçin, hüşgär boluň! Imandan dänmeziňiz ýaly, azgyn adamlar sizi ýoldan çykarmasyn.


Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ