Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Hudaý hatda günä iş eden perişdeleri-de aýamady. Höküm gününe çenli saklansynlar diýip, olary zynjyrlap, dowzahyň tüm garaňky girdabyna gabap goýdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Худай хатда гүнә иш эден перишделери-де аямады. Хөкүм гүнүне ченли саклансынлар дийип, олары зынҗырлап, довзахың түм гараңкы гирдабына габап гойды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 2:4
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.


Ol hatda Öz gullaryna ynam etmeýär, Öz perişdelerinden ýalňyşlyk tapýar.


Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň!


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.


Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, Men sizi öz ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».


Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, öz tutan ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Şonda özüňizi jezalandyranyň Men-Rebdigimi bilersiňiz.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar.


Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi.


Isa olara: «Men şeýtanyň gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm.


Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Sebäbi Hudaý bagyň öz şahalaryny gaýgyrmadyk bolsa, onda sizi, ýagny sapylan ýabany şahalary asla-da gaýgyrmaz.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar.


Perişdeler hatda bulardan has güýçli we gudratly bolsalar-da, Hudaýyň huzurynda gökdäki güýçlere dil ýetirmäge milt etmeýärler.


Hudaý gadymy dünýäni hem aýamady. Ol hudaýsyzlar dünýäsini sil aldyrdy, diňe dogruçyllygyň wagyzçysy Nuhy we ondan başga ýedi kişini aman galdyrdy.


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ