Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 2:21 - Mukaddes Kitap

21 Dogrulyk ýoluny bilenden soň, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrugy inkär edeninden bu ýoly asla bilmezlik olar üçin has gowy bolardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Догрулык ёлуны биленден соң, өзлерине табшырылан мукаддес буйругы инкәр эденинден бу ёлы асла билмезлик олар үчин хас говы боларды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 2:21
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gözýaş bilen ekin ekenler, heşelle kakyp, hasyl orarlar.


Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.


Dogrulyk ýolunda ýaşaýyş bardyr, ol ýolda ölüm ýokdur.


Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler.


Men onuň haram bolandygyny gördüm; ikisiniň hem ýoly birdi.


Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin.


Men dogruçyl adam hakda „Elbetde, ol diri galar“ diýenimde, ol öz dogruçyllygyna bil baglap, erbetlik etse, onuň ähli dogry işleri ýatlanman, gaýtam ol öz eden erbetliginde öler.


Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary bu ýerden ýok ederin».


Ýahýa size dogry ýol görkezmäge geldi, siz oňa ynanmadyňyz, emma salgytçylar we lolular oňa ynandylar. Siz muny göreniňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz» diýdi.


Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuň islegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler.


Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, olar günäkär bolmazdylar. Indi bolsa bilmändiklerini bahanalap bilmezler.


Isa olara: «Kör bolan bolsadyňyz, günäňiz bolmazdy, emma görýäris diýeniňiz üçin günäňiz öz boýnuňyzda galar» diýdi.


Emma Kanun şonda-da mukaddesdir; onuň her bir buýrugy mukaddes, adalatly we oňatdyr.


Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.


Size Reb Isanyň haýsy tabşyryklaryny berenimizi bilýärsiňiz ahyryn.


Rebbimiz Isa Mesih gelýänçä, özüňe buýrulanlary doly we birkemsiz berjaý et.


Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur.


Kim ýagşylyk etmegi bilibem, ony etmeýän bolsa, ol günä edýändir.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ