Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 2:20 - Mukaddes Kitap

20 Adamlar Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçyp gutuldylar. Eger olar mundan soňam ýene şunuň ýaly işlere baş goşup, günäniň guly bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňki ýagdaýyndan-da beter bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Адамлар Реббимиз хем Халасгәримиз Иса Месихи танамак аркалы дүнйәниң писликлеринден гачып гутулдылар. Эгер олар мундан соңам ене шунуң ялы ишлере баш гошуп, гүнәниң гулы болсалар, онда оларың соңкы ягдайы өңки ягдайындан-да бетер болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 2:20
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men dogruçyl adam hakda „Elbetde, ol diri galar“ diýenimde, ol öz dogruçyllygyna bil baglap, erbetlik etse, onuň ähli dogry işleri ýatlanman, gaýtam ol öz eden erbetliginde öler.


Ruhany ony gözden geçirsin, eger şol gyzylymtyl ak menek deriden aşak geçip, ondaky gyllar agaran bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Ol çyban çykan ýerden dörän deri keselidir.


Zeň ýokuşan zat ýuwlandan soň, ruhany ony gözden geçirsin. Eger zeňiň reňki üýtgemedik bolsa, hatda zeň ýaýramadyk bolsa-da, ol haraplanandyr. Zeň eşigiň içindemi ýa-da daşynda – parhy ýok, ony oda ýakyň.


Daşlary sökülip alnyp, suwagy gyrlyp aýrylyp, täzeden suwalandan soňam ol öýde zeň peýda bolsa, ruhany baryp, ol öýi ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň öýe ýaýran bolsa, ol öý harap saýylsyn.


Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, emma onuň yzy müdimilik ýiter».


Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Harby gullukdaky esger gündelik durmuşa degişli işlere ulaşýan däldir. Ol öz serkerdesiniň göwnünden turmak isleýändir.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Şonda Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi şalygyna girmek hukugy size boldan-bol eçiler.


Hudaýy we Rebbimiz Isany tanamakda bol merhemet hem parahatlyk size ýar bolsun!


Hudaýyň ýörelgesi boýunça ýaşamagymyz üçin Ol Öz güýji arkaly bize gerek bolan ähli zady berdi. Ol muny ýagşylyk we şöhrat bilen bizi Çagyrany tanamagymyz üçin etdi.


Hudaý bize juda gymmatly beýik wadalary berdi. Ol bu wadalar arkaly siziň bu dünýädäki erbet höweslerden döreýän azgynçylykdan gaça durup, Özüniň tebigatyna şärik bolmagyňyzy niýet etdi.


Şu gowy häsiýetler sizde bar bolsa we köpelse, onda siz Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem hasylsyz galmarsyňyz.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ