Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 2:18 - Mukaddes Kitap

18 Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Олар нәдогры ёлдан яңы гачып гутуланлары бош ве гопбамсы сөзлери билен харам кейпе хыҗувландырып, ынсан хөвеслери билен олары дузага дүшүрйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 2:18
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Hudaýyň adamy onuň bilen yzyna gaýtdy we onuň öýüne gelip, çörek edindi, suw içdi.


Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.


Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy.


Ine, şol şäherde öň jadygöýlik bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran we özüni beýik adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy.


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Siz bu dünýäde bolçulykda we keýpi-sapada ýaşadyňyz, özüňizi kyýamat güni soýulmak üçin semretdiňiz.


Hudaý bize juda gymmatly beýik wadalary berdi. Ol bu wadalar arkaly siziň bu dünýädäki erbet höweslerden döreýän azgynçylykdan gaça durup, Özüniň tebigatyna şärik bolmagyňyzy niýet etdi.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Köp adamlar olaryň azgynçylykly ýörelgelerine eýererler, şolar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler.


Adamlar Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçyp gutuldylar. Eger olar mundan soňam ýene şunuň ýaly işlere baş goşup, günäniň guly bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňki ýagdaýyndan-da beter bolar.


Azgynlaryň ahlaksyz ýaşaýşyndan jebir çeken dogruçyl Luty halas etdi.


Şonuň üçin hem, eý, söýgüli doganlar, bu zatlary öňden bilýändigiňiz üçin, hüşgär boluň! Imandan dänmeziňiz ýaly, azgyn adamlar sizi ýoldan çykarmasyn.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Şondan soň men ýerden çykyp gelýän başga bir jandary gördüm. Onuň guzynyňka meňzeş iki şahy bolsa-da, aždarha ýaly gepleýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ