Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Оларың зынадан гөзлери доймаяр, хич вагт гүнәни бес этмейәрлер. Олар дурнуксыз кишилери дузага дүшүрип аздырярлар. Оларың калбы ачгөзлүге югрулып, нәлетленен адамлардыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 2:14
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýagym ýoldan çykan bolsa, ýüregim gözüme eýeren bolsa, ellerime gara ýokduran bolsam,


Ýüregimi bir aýala aldyran bolsam, goňşymyň gapysynda bukuda ýatan bolsam,


Ol ýaşaýşa barýan ýol barada oýlanmaýar; ugry bulaşyk, özi muny bilmeýär.


Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme, kirpikleriniň ýesiri bolma.


Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň.


Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner.


Onda birnäçe gün ýaşap ölen bäbekler, ýa-da uzak ömür sürmedik gojalar bolmaz; ýüz ýaşynda ölen ýaş saýylar, näletlenen saýylar ýüz ýaşa ýetmedik.


Efiopiýaly öz teniniň reňkini, gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi? Siz hem şonuň ýaly şer işleriňize uýgunlaşansyňyz ýagşylyk etmegi asla bilmeýärsiňiz.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Her bir ynsanyň janyny awlajak bolup, her kimiň bilegine bilezik dakýan, dürli boýdaky adamlaryň başyna bürenjek tikýän aýallaryň dat gününe! Siz Meniň halkymyň janyny awlamak bilen öz janyňyzy halas edýändiris öýdýärsiňizmi?


Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz?


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Siz biri-biriňizden öwgüler kabul edýärsiňiz, emma ýeke-täk Hudaýyň öwgüsini gazanmaga çalyşmaýarsyňyz. Onsoň nädip sizde iman bolsun?


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär.


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir.


Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Ol ähli hatlarynda şular barada gürrüň açýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirine düşünmek kyndyr. Nadan hem durnuksyz adamlar bu ýazylanlary we beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýmak bilen özleri heläk bolýarlar.


Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ