Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma bu adamlar düşünmeýän zatlaryna dil ýetirýärler. Olar awlanyp, ýok edilmek üçin doglan düşünjesiz ýabany haýwanlar we öz ugruna hereket edýän mahluklar ýalydyrlar. Bular haýwanlar ýaly-da ýok bolup giderler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма бу адамлар дүшүнмейән затларына дил етирйәрлер. Олар авланып, ёк эдилмек үчин доглан дүшүнҗесиз ябаны хайванлар ве өз угруна херекет эдйән махлуклар ялыдырлар. Булар хайванлар ялы-да ёк болуп гидерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 2:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.


«Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.


Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar, dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar.


Çünki azaşdylar çopanlar akylyndan, Rebbi agtarmadylar. Şonuň üçin bolmady ugruna işleri, dargady ähli sürüleri.


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Men şeýle diýdim: «Bular bir garyp hem akmaklar; çünki olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilmeýär.


Üstüňize gaharymy döküp, gazap odumy üflärin, seni öldürmäge zabun wagşylaryň eline bererin.


Isa olara ýene: «Men gidip barýaryn; siz Meni gözlärsiňiz we günäňiziň içinde ölersiňiz. Siz Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi.


Öz höweslerini kanagatlandyrmak isleýän özüni weýran eder. Emma Mukaddes Ruhy kanagatlandyrmak isleýän baky ýaşaýşy alar.


Bu düzgünleriň hemmesi ulanyldygyça ýok bolup gider, sebäbi olar ynsan buýruklaryna we taglymatlaryna esaslanýandyr.


Hudaý bize juda gymmatly beýik wadalary berdi. Ol bu wadalar arkaly siziň bu dünýädäki erbet höweslerden döreýän azgynçylykdan gaça durup, Özüniň tebigatyna şärik bolmagyňyzy niýet etdi.


Özleri azgynlygyň guly bolubam, olara erkinligi wada berýärler, sebäbi adam nämeden ýeňilse, onuň guly bolýandyr.


Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ