Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Aýratyn-da haram höweslerine kowalaşyp, Onuň hökmürowanlygyny äsgermeýänleri-de näme etjegini Ol bilýändir. Beýle adamlar batyrsyraýarlar, tekepbirlenýärler we gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Айратын-да харам хөвеслерине ковалашып, Онуң хөкмүрованлыгыны әсгермейәнлери-де нәме этҗегини Ол билйәндир. Бейле адамлар батырсыраярлар, текепбирленйәрлер ве гөкдәки гүйчлере дил етирмекден горкмаярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 2:10
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

gatnaşmaýyn men olaryň geňeşine asla, goşulmaýyn men olaryň toparyna, çünki gaharlaryna adamlary gyrdylar olar, keýpihonlykda öküzleri maýyp-müjrüp etdiler olar.


Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.


Nazar sal-da, maňa jogap ber, ýa Beýik Hudaýym! Gözlerime nur ber, ölüm ukusyna gitmezim ýaly.


Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.


Patyşa hatda içiňden-de gargama, öz ýatýan otagyňda baýa gargama, çünki gökdäki guş habar äkider, ganatly guş sözüňi ýetirer.


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini görýär.


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Ýogsam Mukaddes Ýazgylarda hem: „Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme“ diýip ýazylan» diýdi.


Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.


Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,


Biz bu dünýäde ýaşasak-da, onuň ýörelgeleri boýunça söweşmeýäris.


Olar ar-namys duýgusyny bütinleý ýitirip, doýmaz-dolmaz boldular, her hili haramlyk edip, azgynçylyga ýüz urdular.


Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy.


Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,


Ýygnagyň ýolbaşçysy Hudaýa hyzmat edýär. Şoňa görä-de, ol müýnsüz bolmalydyr. Ol özdiýenli, gyzma, şeraba meýilli, uruşgan bolmaly däl, gara nebsine çapman,


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Ähli zatdan öňürti şuny biliň: ahyrky günlerde öz betnebislerine çapýan bihaýa ýaňsylaýjylar peýda bolar.


Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler.


Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.


Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ