Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Şu gowy häsiýetler sizde bar bolsa we köpelse, onda siz Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem hasylsyz galmarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Шу говы хәсиетлер сизде бар болса ве көпелсе, онда сиз Реббимиз Иса Месихи танамакда бикәр хем хасылсыз галмарсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 1:8
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýaltalyk gaflat ukusyna batyrýar, ýalta adam açlyk çekýär.


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Ir sagat dokuzlarda daşary çykan wagty, ol bazarda bikär duran birnäçe adamlary görýär.


Öýlän sagat bäşlerde aýlanmaga çykan wagty, başga boş duranlary görüp, olardan: «Näme üçin günuzyn bu ýerde boş dursuňyz?» diýip soraýar.


Hojaýyny oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň?


Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Emma Men sizi tanaýaryn, siziň kalbyňyzda Hudaýyň söýgüsi ýok.


Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Imanda mäkäm durup-durmaýanlygyňyzy bilmek üçin, özüňizi synap görüň. Eýsem siz Isa Mesihiň araňyzdadygyny bilmeýäňizmi? Ýa-da siz synagdan geçmeýänlerdenmi?


Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar.


Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris.


Hudaýyň size beren boldan-bol merhemetini görüp, olar siziň üçin doga-dilegler ederler, siziň bilen didarlaşmagy küýsärler.


Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin.


Isa Mesihiň garaýyşlary sizde hem bolsun:


Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň.


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Biziň sizi söýşümiz ýaly, goý, Reb biri-biriňize, ähli adamlara bolan söýgiňizi artdyryp, pürepür etsin.


Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar.


Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.


Men bizi birikdirýän imana görä hereket etmegiňi Hudaýdan dileýärin. Şonda sen Isa Mesihe hyzmat etmek üçin edilmeli ýagşy işlere düşünersiň.


Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.


Hudaýy we Rebbimiz Isany tanamakda bol merhemet hem parahatlyk size ýar bolsun!


Hudaýyň ýörelgesi boýunça ýaşamagymyz üçin Ol Öz güýji arkaly bize gerek bolan ähli zady berdi. Ol muny ýagşylyk we şöhrat bilen bizi Çagyrany tanamagymyz üçin etdi.


Adamlar Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçyp gutuldylar. Eger olar mundan soňam ýene şunuň ýaly işlere baş goşup, günäniň guly bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňki ýagdaýyndan-da beter bolar.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ