Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 1:5 - Mukaddes Kitap

5-7 Şoňa görä-de, imanyňyzda has hem berkemäge jan ediň. Şeýdip, imanyňyzda ahlak päkligini, ahlak päkliginde bilimi, bilimde özerkliligi, özerklilikde çydamlylygy, çydamlylykda hudaýhonlygy, hudaýhonlykda mähribanlygy, mähribanlykda Hudaýyň söýgüsini artdyrmaga dyrjaşyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5-7 Шоңа гөрә-де, иманыңызда хас хем беркемәге җан эдиң. Шейдип, иманыңызда ахлак пәклигини, ахлак пәклигинде билими, билимде өзерклилиги, өзерклиликде чыдамлылыгы, чыдамлылыкда худайхонлыгы, худайхонлыкда мәхрибанлыгы, мәхрибанлыкда Худайың сөйгүсини артдырмага дырҗашың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 1:5
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Edermeniň ýiti oklary, ojaryň ýandyryjy közleri!


Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Uzakda ýaşaýanlar hem gelip, Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek ederler“». Şeýlelikde, siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar.


Bulardan başga-da, biziň bilen siziň araňyzda äpet bir uçut goýlupdyr, şonuň üçin bu ýerden siz tarapa, ol ýerden hem biz tarapa hiç kim geçip bilmez“ diýip jogap berýär.


Biz bolsa Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt edipdik. Onsoňam bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy.


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Şonuň üçin-de samsyk bolman, gaýtam, Rebbiň yradasynyň nämedigine düşüniň.


Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin.


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.


Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris.


Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir.


Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris.


Dolanyp gelenlerinden soň, olar Ýeşuwa: «Ähli adamlaryň ol ýere gitmegi hökman däl, goý, iki-üç müň adam gitsin-de, Aý galasyny basyp alsyn. Onuň ilaty az, ol ýere tutuş goşuny sürmegiň geregi ýok» diýdiler.


Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


Şonda Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi şalygyna girmek hukugy size boldan-bol eçiler.


Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ