Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 1:21 - Mukaddes Kitap

21 Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Себәби хич бир пыгамбер ынсан ислеги билен велилик этмеди. Бу пыгамберлер Мукаддес Рух тарапындан угрукдырылып, Худайдан гелен сөзлери айтдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 1:21
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, dilimde Onuň sözleri.


Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.


Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi.


Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.


Aýal adamsyny çagyryp: «Gaýrat edip, hyzmatkärleriň birini eşegi bilen bile meniň ýanyma iber. Men tiz Hudaýyň adamynyň ýanyna gidip geleýin» diýdi.


Ol aýal Hudaýyň adamynyň ýanyna gelip, oňa bar bolan zady gürrüň berdi. Elýaşa: «Bar ýaglary sat-da, karzyňy üz, galany hem ogullaryň bilen güzeran aýlamagyňyza ýeter» diýdi.


Ol aýal adamsyna şeýle diýdi: «Hemişe ýanymyzdan geçýän bu adamyň Hudaýyň mukaddes adamydygyna göz ýetirdim.


Ysraýyl patyşasy Hudaýyň adamynyň duýduran ýerinde ýaşaýan adamlara habar ýollady we olar habardar boldular. Elýaşa şol ýer barada diňe birki gezek däl-de, birnäçe gezek duýduryş berdi.


Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri irden turup, daşary çykdy. Görse, atlar we söweş arabalary bilen gelen Siriýa goşuny galanyň daş-töweregini gabapdyr. Hyzmatkäri oňa: «Wah, jenabym, biz indi näme ederis?» diýip gygyrdy.


Ýöne Hudaýyň adamy bolan Musa hem onuň ogullary lewileriň tiresine goşuldylar.


Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy.


Ýalan sözleýän, öz ýürek hilelerini beýan edýän pygamberleriň kalbynda bu haçana çenli dowam eder?


babyllylaryň ýurdundaky Kebar kanalynyň ýakasynda Buzynyň ogly Ezekiýel ruhana Rebbiň sözi aýan boldy. Ol ýerde Rebbiň eli onuň üstündedi.


Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.


Görgürler masgara ediler, palçylar utanja galar. Hudaýdan jogap bolmany üçin, olar uýatdan ýüzlerini örterler».


Musa şeýle diýdi: «Bu işleriň ählisini etmegim üçin meni Rebbiň iberenini, meniň özbaşdak hereket etmeýändigimi siz şu zatlardan bilersiňiz.


Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur’“.


«Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy.


Olar biri-biri bilen özara ylalaşmadylar. Olar gitmekçi bolup durkalar, Pawlus şeýle diýdi: «Işaýa pygamber arkaly Mukaddes Ruh ata-babalaryňyza şu sözleri jaýdar aýdypdyr:


Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi.


Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.


Mukaddes Ruh hem bize bu hakda şaýatlyk edýär. Ilki bilen Reb şeýle diýýär:


Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,


Bu düzgünler arkaly Mukaddes Ruh şuny görkezýär: ýerdäki Mukaddes çadyrda ýerine ýetirilýän parzlar bes edilmese, gökdäki Iň mukaddes otaga asla girip bolmaz.


Ýahuda tiresinden birnäçe adam Ýeşuwanyň ýanyna Gilgala geldi. Olaryň arasyndan Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalep oňa şeýle diýdi: «Rebbiň Kadeşbarneýada ikimiz hakda Hudaýyň adamy Musa aýdan sözlerini bilýänsiň.


Olaryň kalbyndaky Mesihiň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ