Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Men şindi ýaşaýan wagtlaýyn çadyrymdan, ýagny bedenimden gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak bilen siziň aňyňyzy oýaryp durmagy dogry hasaplaýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Мен шинди яшаян вагтлайын чадырымдан, ягны беденимден гидйәнчәм, булары ядыңыза салмак билен сизиң аңыңызы оярып дурмагы догры хасаплаярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 1:13
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öýüm çopanyň çadyry kimin sogrulyp, elimden alyndy. Ömrümi dokmaçy kimin kesdim, Reb meni erişden kesdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.


Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.


Hawa, bütinleý arkaýyndyrys. Biz Rebbiň ýanynda mesgen tutup bilerimiz ýaly, bedenden aýrylanymyzy gowy görýäris.


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Men Isa Mesihiň Özüni, Onuň direlişiniň güýjüni bilesim gelýär. Isa Mesihiň jebir-jepalaryna şärik bolup, Oňa Onuň ölüminde meňzäp, ölümden direlişe ýetesim gelýär.


Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,


Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň.


Siz bu zatlary bilseňiz-de, özüňizdäki hakykatda berk dursaňyz-da, men bulary size hemişe ýatladyp duraryn.


Sebäbi Rebbimiz Isa Mesihiň maňa bildirişi ýaly, bu pany çadyrymdan basym göçmelidigimi bilýärin.


Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. Bu iki hatymda-da sagdyn pikirli bolmalydygyňyzy ýatlatmak bilen düşünjäňizi oýarýaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ