Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Petrus 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Siz bu zatlary bilseňiz-de, özüňizdäki hakykatda berk dursaňyz-da, men bulary size hemişe ýatladyp duraryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Сиз бу затлары билсеңиз-де, өзүңиздәки хакыкатда берк дурсаңыз-да, мен булары сизе хемише ятладып дурарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Petrus 1:12
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, doganlaryň imany has-da berkäp, olaryň sany günsaýyn artýardy.


Şunlukda, eý, doganlarym, goý, şatlygyňyzyň gözbaşy Reb bolsun! Size şindi ýazýanymy gaýta-gaýta ýazmak maňa kyn däl. Bu sizi goramak üçindir:


Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz.


Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň.


Eý, oglum, sen bulary doganlara öwretseň, öz eýeren imanyň baradaky hakykat taglymatynyň sözleri bilen ýetişdirilersiň. Şeýdip, Isa Mesihiň oňat hyzmatçysy bolarsyň.


Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,


Öňki günleriňizi ýadyňyza salyň. Şonda siz Hudaýdan nurlanyp, jebir-jepalara döz gelipdiňiz.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


Men şindi ýaşaýan wagtlaýyn çadyrymdan, ýagny bedenimden gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak bilen siziň aňyňyzy oýaryp durmagy dogry hasaplaýaryn.


Göçenimden soňam bu zatlary elmydama ýada salmagyňyz üçin jan ederin.


Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. Bu iki hatymda-da sagdyn pikirli bolmalydygyňyzy ýatlatmak bilen düşünjäňizi oýarýaryn.


Şonuň üçin hem, eý, söýgüli doganlar, bu zatlary öňden bilýändigiňiz üçin, hüşgär boluň! Imandan dänmeziňiz ýaly, azgyn adamlar sizi ýoldan çykarmasyn.


Men size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de, eýsem, ony hut bilýändigiňiz üçin ýazýaryn, sebäbi hiç bir ýalanyň hakykat bilen umumylygy ýokdur.


Sebäbi hakykat kalbymyza ornandyr we ol ebedilik biziň bilen bolar.


Siz bolsa, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňden aýdanlaryny ýadyňyzda saklaň.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ